Huawei ilkinji gezek öz prosessorynyň binýadynda stol kompýuterini hödürlär

  • 05.05.2024 12:21
  • 3.9k+

2024-nji ýylyň maý aýynda Huawei öz prosessoryna esaslanýan ilkinji stol kompýuterini hödürlär. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Qingyun W515x adyny alan täze önüm taryhda bir kristally Kirin 9000C sistemasynyň esasyndaky ilkinji personal kompýuter bolar. Munuň heniz nähili çipsetdigi belli däl. Ýöne adyndan çen tutsaň, ol Huawei Mate 60-da ulanylýan Kirin 9000S SoC-yň bir görnüşi bolmaly. Häzirlikçe diňe sistemanyň CPU-nyň 8 ýadroly boljakdygy we 12 akymy ýerine ýetirip biljekdigi habar berilýär.
Huawei Qingyun W515x LPDDR5 ýadyny we SSD-ni göterer. Şeýle-de, Wi-Fi 6 we TPM goldawy bolar. Sargyt edijilere saýlamak üçin KOS we UOS operasion sistemalary hödürlener, ýagny HarmonyOS bolmaz.
Ýatlap geçsek, Huawei Qingyun brendini geçen ýylyň mart aýynda işe girizdi, bu haryt nyşany bilen noutbuklar, stol PK, planşetler we beýleki tehnika çykarylýar. Eger stol PK barada gürrüň etsek, häzire çenli seriýada diňe iki model bar – Qingyun B730 we Qingyun B530. Olaryň ikisinde-de 12-nji nesil Intel Core prosessorlary we Windows 11 OS ulanylýar.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...