Geljekki Huawei Nova 13 Pro we Nova 13 Ultra kamera telefonlarynyň aýratynlyklary aýan edildi

  • 04.05.2024 15:48
  • 6k+

Huawei iki sany täze kamera telefonyny çykarmaga taýynlanýar: Nova 13 Pro we Nova 13 Ultra diýip, Gizmochina habar berýär.

Insaýderleriň berýän maglumatlaryna görä, täze önümler täze Huawei Pura 70 seriýasyndaky ýaly, flagman Kirin 9010 prosessoryny we XMAGE şekili gaýtadan işleýji tehnologiýany alar.
Enjamlarda 1,5K durulykdaky egri displeýler, goşa öň kameralar we periskop teleobýektiwli yzky kamera bolar diýlip garaşylýar.
5G goldawynyň we HarmonyOS Next operasiýa ulgamynyň boljakdygy hem habar berilýär.
Huawei Nova 13 seriýasynyň 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde, ähtimal, iýun aýynda çykmagyna garaşylýar. Smartfonlar 3000 ýuan (takmynan 415 dollar) bahadan hödürlener.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...