1963-nji ýylda çykan amerikan gazetinde geljegiň smartfonlary barada çaklamalar tapyldy

  • 03.05.2024 14:45
  • 21k+

Internet torunda ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda çykarylýan Mansfield News Journal gazetinden bir makalanyň suraty peýda boldy. Ony Reddit ulanyjylarynyň biri ýerleşdirdi.

1963-nji ýylda çap edilen makalada wagtyň geçmegi bilen Mensfildiň ýaşaýjylarynda jübä sygjak telefonlaryň peýda boljakdygy aýdylýar. Telefon kompaniýasynyň şol wagtky menejeri Frederik Hantsman neşir bilen söhbetdeşlikde geljekde şeýle gurluşlaryň täjirçilik taýdan ulanyljakdygyny, ýöne ilkinji barlaghana synaglarynyň häzir geçirilýändigini gürrüň beripdir.
Şeýle-de, materialda beýleki gurluşlar, mysal üçin, kiçiräk TW-ekranlaryny ýada salýan döwrebap spikerfonlaryň analoglary barada hem gürrüň edilýär.

“Aşhana enjamy adaty telefon ýa-da öý hojalykçy nahar taýýarlamak bilen meşgul bolsa, sesi daşyna çykarmak funksiýasy bolan telefon hökmünde ulanylyp bilner” – diýlip, gazet makalasynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde gazetde söhbetdeşlere mikrofon, gaty sesli gürleýji we kamera bilen gürleşmäge mümkinçilik berýän wizual şekilli telefonlar barada gürrüň berilýär.
Internet ulanyjylary bu posta teswir ýazmak bilen, özleriniň ilkinji gurluşlaryny ýatlap geçdiler.

düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......