Ýerde magnit hadysasy ep-esli güýçlendi

  • 03.05.2024 14:51
  • 16k+

Ýerde magnit hadysasynyň güýji soňky sagatlar ep-esli artyp, G3 derejesine ýetdi. Bu barada Amaly geofizika institutynyň kosmos howasyna gözegçilik merkezine salgylanyp, TASS habar berýär. Häzirki wagtda Gündäki ýokary klasly partlamalardan soň Ýeriň ýüzünde bäş görkezijili monitoring şkalasy boýunça “güýçlüdigini” aňladýan G3 derejeli magnit tupany hasaba alynýar. Bu ýerde G5 – adatdan daşary güýçli, G1 bolsa gowşakdyr.

G3 dereje energetika ulgamlarynda naprýaženiýany sazlamagy talap edýär. Güýçli magnit hadysasy hemralaýyn we pes ýygylykly radionawigasiýany, şeýle-de ýokary ýygylykly radio aragatnaşygyny bozup bilýär.
Hadysa bilen ugurdaş orta giňişliklerde polýar şöhlelenmelerini görmek bolar.
Mundan öň, alymlar Ýerde maýyň ilkinji magnit hadysasynyň 3-nji maýda bolmagyny çaklapdylar, ýöne tupan eýýäm 2-nji maýda başlady.  
Alymlar 2024-nji ýylda Günüň işjeňligiň täze ýokary derejesine ýetjekdigini çaklaýarlar we bu magnit hadysalarynyň sanynyň köpelmegine getirip biler. Günüň işjeňlik döwrüniň dowamlylygy dokuz ýyldan 14 ýyla çenli bolup bilýär, soňky Gün maksimumy 2013-nji ýylda hasaba alyndy.


15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.3k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...