Samsung smartfon bazarynda öňdeligi dowam edýär

  • 03.05.2024 10:46
  • 3.5k+

Canalys kompaniýasynyň analitikleri smartfon bazarynda birinji çärýegiň netijesini jemlediler. Samsung Apple-den arany açyp, öňdebaryjylygy gaýdyp aldy diýip, ixbt.com habar berýär. 

Çärýekde jemi 296,2 mln smartfon satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 10% köpdür. Samsung 60 mln gurluş satyp, bazaryň 20%-ini eýeledi. Bir ýylda satuw bary-ýogy 1% azaldy. Apple kompaniýasynyň satuwy bolsa 16% pese gaçdy we bu liderleriň arasynda iň ýaramaz görkezijidir. Kompaniýa 48,7 mln smartfon satyp, bazaryň 16%-ini eýeledi.
Soňra Xiaomi, Transsion we Oppo gelýär. Tecno we Infinix brendlerine eýeçilik edýän Transsion has uly ösüşi görkezdi. Şeýle-de bolsa, oňa Xiaomi-niň yzyndan ýetmek üçin ýol uzakdyr.
Birinji çärýekde Samsung Galaxy S24 hatarynyň satuwy 13,5 mln birlik boldy, bu öz döwründe S23-üň görkezijisinden 35% köpdür.


17.06.2026 09:59
1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......