Ýewropa ligasynyň ýarym finaly: «Baýer» «Romany» ýeňdi, «Marsel» bilen «Atalanta» deňme-deň oýnady

  • 03.05.2024 09:49
  • 6.3k+

Ýewropa ligasynyň birinji ýarym final duşuşyklary geçirildi.

"Baýer" myhmançylykda Italiýanyň "Roma" klubuny 2:0 hasabynda ýeňdi. Florian Wirtz we Robert Andrih oýnuň her ýarymynda bir goldan geçirdiler.
"Baýer" Ýewropanyň Top-5 ligasynda şu möwsümde ýeke gezegem utulyp görmedik klub bolmagynda galýar. Nemes klubunyň hasabynda ähli ýaryşlarda 39 ýeňiş we 8 deňme-deňlik bar (Bundesliga, Germaniýanyň Kubogy we Ýewropa ligasy).


Beýleki duşuşykda Fransiýada "Marsel" "Atalanta" bilen 1:1 oýnady. Ilki 11-nji minutda Janluka Skamakka italýan klubuny öňe çykardy, 9 minut soňra Şansel Mbemba hasaby deňledi.
Jogap oýunlar 10-njy maýa geçilýän gije (Aşg. wagty bilen) geçiriler.


şu gün 17:01
2.1k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

şu gün 14:17
3.5k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
13k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....