Aprel aýynyň iň kuwwatly Android smartfonlary belli boldy

  • 02.05.2024 21:40
  • 10k+

AnTuTu bençmarkynyň işläp düzüjileri aprel aýynyň Android operasion sistemasynyň dolandyrmagynda işleýän iň kuwwatly smartfonlaryny saýladylar. 

Reýtingde birinji orny ortaça 2,12 mln bal gazanan Snapdragon 8 Gen 3 çipli Asus ROG Phone 8 Pro smartfony eýeledi. Onuň yzyndan Snapdragon 8 Gen 2 çibinde işleýän iQOO 12 (2,09 mln) we Nubia Red Magic 9 Pro+ (2,08 mln) gelýär.
Reýtingiň galan smartfonlarynyň ählisiniň öndürijiligine Snapdragon 8 Gen 2 jogap berýär, ýagny Snapdragon 8 Gen 3 ýa-da MediaTek Dimensity 9300 çibi bilen işleýän smartfon ýok.
Şeýlelikde, dördünjiden onunja çenli orunlary Vivo X Fold3 Pro (2,07 mln), Vivo X100 Pro (2,05 mln), iQOO 12 Pro (2,04 mln), iQOO Neo9 Pro (2,04 mln), Oppo Find X7 Ultra (2,02 mln), Vivo X100 (2,02 mln) we bençmarkda ortaça 2,01 mln bal gazanýan OnePlus 12 eýeledi.

düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......