1,3 milliard dollar: ABŞ-da laosly, rak keselli bir migrant jekpot utdy

  • 01.05.2024 18:09
  • 18k+

Laosly, rak keseli bilen göreşýän migrant 1,3 milliard dollar möçberindäki Powerball jekpotyny gazandy diýip, The New York Post habar berýär.

Oregon ştatynyň Portlend şäherinden 46 ýaşly Çeng Sefang Powerball peteginiň şowly petek bolandygyny bilip, gözlerine ynanyp bilmedi. Sekiz ýyl bäri rak keseli bilen göreşýän Sefan ajaýyp ýeňiş baradaky habary alanda, soňky himiýa bejergisini tamamlapdy.
Oregon lotereýasy tarapyndan guralan metbugat ýygnagynda Sefan "Men lotereýa üçin minnetdar we nesibäme begenýärin" - diýdi. Ol bu şowlulygyň durmuşyny üýtgedendigini aýtdy.
Çeng we onuň aýaly Duanpen nesibeli birnäçe petegi satyn almak üçin 100 dollar bagyş eden dosty bilen utuşy deň paýlaşmagy meýilleşdirýär. Salgytlar tölenenden soň, takmynan, 422 million dollar boljak puly olar bir gezekde almagy karar etdiler.
Sefan: “Maşgalamy we saglygymy üpjün edip bilerin. Özüme gowy lukman taparyn"-diýdi. Indi ol Oregondan jaý satyn almakçy bolýar we lotereýa oýnamagy dowam etdirmegi meýilleşdirýär.


düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......