Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 01.05.2024 12:10
  • 7.6k+

30-njy aprelde Aşgabatda “Arçabil” myhmanhanasynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk düzümleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw hojalyk özgertmelerini seljermek, suw hojalyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu işde ulanylýan tehnologiýalary nazara almak esasynda, suw hojalygyndaky sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmak babatdaky meseleler girizildi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de 19 ýurduň awtordaşlyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň Merkezi Aziýa üçin suw hojalygy pudagynda halkara meýilnamalary durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegi üçin möhüm orun eýeleýär. Serhetýaka suw hyzmatdaşlygy bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we sebit strategiýalarynda suw meselelerine uly ähmiýet bermäge, bu ugurda köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmeleriň taýýardygy beýan edildi.
Günüň ikinji ýarymynda utgaşykly görnüşde Amyderýa sebitinde çözgütleriň kabul edilmegini goldamak boýunça 3-nji sebit duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar bilelikdäki çemeleşmeleri ulanmagyň netijelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäräniň çäklerinde sebit utgaşdyryjy komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler. 


şu gün 09:55
24

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
618

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
1.8k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......