Britaniýa gurluşlarda gowşak parollary ulanmagy gadagan edýän kanuny güýje girizdi

  • 01.05.2024 10:53
  • 3.2k+

Britaniýada smart-gurluşlarda “admin” ýa-da “12345” ýaly gowşak parollaryň ulanylyşyny gadagan etmegi göz öňünde tutýan sarp edijileri haker hüjümlerinden goramak düzgünleri güýje girdi. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, epravda.com habar berýär.

Şeýlelikde, ähli smart-gurluşlaryň minimal howpsuzlyk ülňülerine laýyk gelmelidigini kesgitleýän täze kanuna laýyklykda, Beýik Britaniýada “admin” ýa-da “12345” ýaly gowşak parollary bolan tehnikalar gadagan ediler.
Ylym, innowasiýa we tehnologiýa departamentiniň maglumatlaryna görä, telefon, telewizor we akylly gapy jaňlaryny öndürijiler indi internete birikdirilen gurluşlary kiber-jenaýatçylaryň elýeterli bolmagyndan goramaga hukuk taýdan borçludyrlar, ulanyjylara bolsa gajetleri sazlanlarynda adaty parollary üýtgetmek teklip edilýär.

“Şu günden başlap sarp edijiler smart-gurluşlarynyň kiber-jenaýatçylaryndan goraglydygyna has ynamly bolup bilerler, sebäbi biz dünýäde olaryň şahsy durmuşynyň, maglumatlarynyň we maliýe ýagdaýlarynyň howpsuzlygyny kepillendirjek ilkinji kanunlary güýje girizýäris” diýip, ylym we tehnologiýa ministri Jonatan Berri belledi.

Bu kanun Beýik Britaniýanyň kiber-jenaýatçylyga garşy durnuklylygyny güýçlendirmegi maksat edinýän Önümleriň we telekommunikasion infrastrukturanyň howpsuzlygy (PSTI) režiminiň çäklerinde güýje girýär.


düýn 15:25
962

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
5.8k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
922

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......