UFC-den BKFC-ä: Konor Makgregor iň uly ýumruk urşy ligasynyň egindeş eýesi boldy

  • 01.05.2024 10:54
  • 22k+

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor açyk ýumrukda uruş boýunça promouşen Bare Knuckle Fighting Championship-iň (BKFC) egindeş eýesi boldy. Bu barada Los-Anjelesde (ABŞ) geçirilen BKFC ýaryşynda yglan edildi diýip, ESPN ýazýar.

Geçen ýyl irlandiýaly söweşiji promouşende paý almak üçin bäsleşmek isleýändigini aýtdy. Onuň spirtli içgileri öndüriji kompaniýalary liganyň hemaýatkärleri bolup çykyş etdi.
BKFC-niň prezidenti Dewid Feldman Makgregor bilen “beýik işleri amal etmegi we köp sanly täze bazarlary açmagy” meýilleşdirýändigini aýtdy.
BKFC 2018-nji ýylda esaslandyryldy we Filadelfiýada ýerleşýär. Ol 1889-njy ýyldan bäri ABŞ-da resmi açyk ýumruk uruşlaryny geçirmäge hukuk alan ilkinji gurama boldy.
Ýeri gelende bellesek, Makgregor 29-njy iýunda Las-Wegasda geçiriljek UFC ýaryşynda Maýkl Çendlere garşy söweşer.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......