Huawei täze enjamlaryny çykarmaga taýýarlanýar. Tanyşdyryş 7-nji maýda bolar

  • 30.04.2024 21:58
  • 3.2k+

7-nji maýda Huawei Dubaýda global tanyşdyryş dabarasyny geçirer we şol ýerde birnäçe täze önümini hödürlär. Esasy üns üç enjama: Watch Fit 3 akylly sagadyna, MateBook X Pro 2024 noutbugyna we MatePad seriýaly planşetlere gönükdiriler diýip, gagadget.com ýazýar.

Watch Fit 3:
Huawei-iň täze akylly sagady Apple Watch-i ýada salýan dizaýna eýe bolar we HarmonyOS operasiýa ulgamynda işlär.

MateBook X Pro 2024:
Bu noutbuk eýýäm Hytaýda hödürlendi. Agramy bary-ýogy 980 gram we Intel Ultra 9 prosessor, 120Hz täzelenme tizligi we 140W çalt zarýadly OLED displeýi bilen enjamlaşdyrylandyr.

MatePad:
MatePad planşetleriniň täze seriýasy barada köp zat mälim däl, ýöne Huawei-iň öz öndüren Kirin 9000W prosessoryny almagyna garaşylýar. MatePad Pro 13,2 modeli 2880 × 1920 piksel durulykda 13,2 dýuýmlyk OLED displeýi, 12 Gb RAM-y we 256 ýa-da 512 GB içerki ýady öz içine alýar. 10 000 mAh batareýa 88 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar we programma platformasy hökmünde HarmonyOS 4.0 çykyş edýär.


şu gün 08:10
1.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.5k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...