Kononenko açyk kosmosa çykmaga nähili taýýarlyk görülýändiginiň syrlaryny paýlaşdy

  • 30.04.2024 21:38
  • 10k+

Her gezek açyk kosmosa çykmak – bu diňe bir çylşyrymly iş bolman, eýsem, Ýer ýüzünde-de, HKS-da-da hünärmenler toparynyň sazlaşykly işlemegini talap edýän gymmat amal. Bu barada Roskosmos-yň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko aýtdy.

Kosmonawt TASS-a beren interwýusynda: "Çykyşyň" ýerdäki köp sanly hünärmenleriň gatnaşmagyndaky juda gymmat işdigine düşünip, öz işimize örän ussatlyk bilen çemeleşýäris " - diýip nygtady.
Kononenkonyň sözlerine görä, gäminiň daşyndaky çärelere taýýarlyk - bu bortdaky resminamalary, wideo materiallary öwrenmek, edilmeli hereketleriň meýilnamasyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak we wezipeleriň dykgat bilen paýlanmagy ýaly hysyrdyly iş.
Kosmonawtlar geçilýän ýollary öwrenmäge aýratyn üns berýärler.

“Nireden geçmelidigini öňünden maslahatlaşýarys, sebäbi kosmos kostýumynda töweregi görüş gaty çäklidir. Nirededigiňe, barýan ugruňa düşünmek diýseň kyn. Şeýle hem, işleriň geçiriljek ýerlerinde tutawaçlaryň sanyny ýada salmak bilen, käbir ýerlerde nämä üns bermelidigi barada öňünden ylalaşýarys. Bularyň hemmesi çykyş wagtynda has çalt geçmäge kömek edýär, geçilýän ýerler üçin we iş ýerlerinde goşmaça nokatlary gözlemeklige az wagt sarp edýäris " - diýip, Kononenko belledi.

24-nji aprelde Kononenko bilen Nikolaý Çub şu ýyl ilkinji gezek açyk kosmosa çykdylar.


düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......