Oleg Kononenko 2024-nji ýylda ilkinji gezek açyk kosmosa çykdy

  • 29.04.2024 14:19
  • 7k+

25-nji aprelde "Roskosmosyň" kosmonawty, Türkmenistanyň Garymany Oleg Kononenko we onuň kärdeşi Nikolaý Çub şu ýylda ilkinji gezek açyk kosmosa çykmak boýunça meýilnamany möhletinden öň tamamladylar diýip, TASS habar berýär.

Bu 2024-nji ýylda russiýaly kosmonawtlaryň ilkinji gezek açyk kosmosa çykyşy boldy. Halkara kosmos stansiýasynyň daşynda ilki meýilleşdirilen 6 sagat 36 minuda derek, kosmonawtlar ähli işi 4 sagat 36 minutda ýerine ýetirmegi başardylar.
Kononenko we Çub Halkara kosmos bekediniň çäklerinden çykany bäri doly açylmadyk radiolokatory iş ýagdaýyna getirdiler, şeýle hem «Poisk» modulynda ylmy synaglary geçirmek üçin enjamlary oturtdylar, «Nauka» modulynyň ýüzünden stansiýanyň materiallarynyň durnuklylygyny öwrenmek üçin nusgalary aldylar. 
Açyk kosmosa çykyşyň ýaýlyma berlişi "Roskosmos" döwlet korporasiýasynyň You-Tube kanalynda berildi.
Oleg Kononenko Türkmenistanda doguldy, çagalygy we ýaşlyk ýyllary Türkmenabat şäherinde geçdi. 2019-njy ýylda ol Türkmenistanyň Gahrymany adyny aldy.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......