HBS: “Liwerpul” täze tälimçini bellemäge ýakyn

  • 30.04.2024 18:53
  • 10k+

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby täze baş tälimçini bellemäge ýakyn. Insaýder Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, ol häzirki wagtda “Feýenoord” toparyna ýolbaşçylyk edýän 45 ýaşly niderlandiýaly hünärmen Arne Slot bolar diýip, “Çempionat” ýazýar.

Slotyň bellenilendigi barada resmi bildirişiň şu hepde bolmagyna garaşylýar. Romanonyň maglumatlaryna görä, klublar eýýäm zerur resminamalara gol çekdiler. Slot taryhda iň gymmat niderlandiýaly tälimçi bolar. “Liwerpul” tälimçi üçin 13-15 mln ýewro möçberde kompensasiýa tölär.
“Liwerpulyň” häzirki baş tälimçisi Ýurgen Klopp möwsümiň ahyrynda klubdan gider.
Slot 2021-nji ýylyň tomsundan bäri “Feýenoordda” işläp, gowy netijeleri gazandy: ähli ýaryşlarda 145 oýunda 94 ýeňiş, 27 deňme-deňlik we 24 ýeňliş. Ujypsyz serişdeler bilen tälimçi “Feýenoordy” Konferensiýalar ligasynyň finalyna (2022) we Ýewropa ligasynyň dörtden bir finalyna (2023) çykardy.
Bilermenler Sloty Hosep Gwardiolanyň yzyna eýeriji hasaplaýarlar we Mikel Arteta hem Roberto De Dzerbi bilen deňeşdirýärler. Niderlandiýaly hünärmeniň “Feýenoord” bilen häzirki şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenýär.


şu gün 14:25
3.1k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 09:54
977

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....