ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy onlaýn-auksion geçirer

  • 30.04.2024 18:47
  • 16k+

Çarşenbe güni, 1-nji maýda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy onlaýn görnüşde auksion (bäsleşikli söwda) geçirer. Bu barada TmCars-a amerikan diplomatik wekilhanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminde habar berdiler.

Auksionda ilçihananyň Administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel we öý enjamlaryny satuwa çykarar.
Auksion https://online-auction.state.gov/ saýtynda onlaýn görnüşde geçiriler.
Auksiona gatnaşmak isleýänler web sahypasynda öz profilini döredip, web sahypada ýazylan auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler.
Satuwlaryň hemmesi gutarnykly bolmak bilen, önümler auksionda görkezilen ýagdaýynda berler.


22.06.2026 00:57
5.5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......