90-njy ýyllaryň Nokia 3210 döwrebap funksiýalar bilen gaýdyp gelýär

  • 30.04.2024 13:19
  • 15k+

HMD Global Nokia 3210-yň gaýtadan dikeldilendigini habar berýär. Ilkinji çykanyndan 25 ýyl soň, 3210 täzelenen wersiýada gaýdyp gelýär. Telefon öňki tanalýan dizaýnyny saklap galar, ýöne häzirki zaman funksiýalaryna eýe bolýar diýip, IXBT ýazýar.

Maý aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýan täze telefon gök reňkde bolar. Ýaýran suratda asyl nusgasynda ýok bolan kamera, şeýle hem Nokia we HMD nyşanlary görünýär.
Mahabat afişasyna görä, Nokia 3210 (2024)-iň batareýasy awtonom ýagdaýda uzak işlär, Bluetooth-y we 4G birikmesi bolar. Beýleki jikme-jiklikler häzirlikçe gizlin saklanýar.
HMD Global geçen hepde HMD Pulse smartfonyny hem hödürledi. Şu ýylyň başynda Nokia 220 2024 4G aýratynlykly düwmeli telefon 40 dollar bahadan çykypdy.


19.07.2025 07:03
7k+

Nokia-nyň eýesi DeepSeek-li düwmeli telefonlary çykardy. Ol emeli aňy nädip ulanmalydygyny düşündirýär

Nokia brendine eýeçilik edýän HMD kompaniýasy DeepSeek EA modeliniň esasynda sesli çat-bot bilen HMD 101 we HMD 102 düwmeli telefonlaryny çykardy. Olar, ilkinji nobatda, gartaşan ulanyjylar üçin niýetlenýär. Telefonlaryň esasy aýratynlygy ses kömekçisini çagyrýan merkezi “AI” düwmesi boldy...

15.04.2025 12:54
4.5k+

HMD Global Nokia-nyň düwmeli telefonlaryny dikeldýär

HMD Global Nokia brendi astynda täze düwmeli telefonlar hataryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu kompaniýanyň fin brendi bilen baglaşan ygtyýarnama şertnamasynyň 2026-njy ýylda tamamlanmazyndan öň bolup geçer. Bu barada «GizmoChina» neşiri habar...

13.03.2025 09:27
3.5k+

Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş...

22.01.2025 17:51
6.1k+

Nokia öz telefonlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň sanly muzeýini işe girizdi

Nokia öz telefonlaryna we işläp taýýarlaýyşlaryna bagyşlanan renderleri, suratlary we wideomateriallary öz içine alýan ýüzlerçe eksponatly onlaýn arhiwini işe girizdi diýip, Wired habar berýär. Nokia Design Archive...