Full HD-li arzan ykjam proýektor görkezildi

  • 29.04.2024 15:11
  • 8.3k+

BlitzWolf kompaniýasy täze ykjam we amatly BW-V8 proýektorly öý kinoteatry bilen muşdaklaryny begendirdi diýip, Mail.ru habar berýär.

BW-V8-iň ykjam ölçegleri (215 x 170 x 86 mm) bar we agramy bary-ýogy 1,24 kg bolup, göçme görnüşde ulanmaga amatly edýär.
Proýektoryň kontrastlygy 12000:1 we iň ýokary ýagtylygy 9800 lýumen 1920x1080 piksel durulykdaky şekilleri berýär. 1,5-den 5 metre çenli aralykdan diagonaly 50-den 200 dýuýma çenli proýeksiýa alyp bolýar.
BW-V8-iň içinde 4K film bilen işlemäge mümkinçilik berýän Allwinner H713 çipi bar we wideo üçin Mali-G31 grafiki çipi jogapkärdir. Proýektor Android 11 operasiýa ulgamynda işleýär, onda onlaýn akymlary ulanyp ýa-da internete girip bolýar.
Sesi oturdylan 5 Wt dinamik bilen üpjün edilýär we daşarky akustikany birikdirmek üçin 3,5 mm çykyş bar. Enjamlary birikdirmek üçin HDMI 1.4 we VGA birikdirijileri ulanylýar.
BlitzWolf BW-V8-iň bahasy 110 dollar we öňünden sargyt edip bolýar. Enjamlar 6-njy maýda satylyp başlar.

düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
4.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......