Eminem täze albomyny çykarar

  • 28.04.2024 13:24
  • 8k+

Amerikaly repçi Eminem (hakyky ady Marşal Brýus Meters) The Death of Slim Shady (Coup De Grâce) atly täze studiýa albomynyň çykýandygyny bildiriş etdi diýip, Variety ýazýar.

Bu hip-hop aýdymçysynyň diskografiýasyndaky 12-nji albom bolar. Onuň 2024-nji ýylyň tomsunda çykmagyna garaşylýar.
Albomyň çykmagynyň öňüsyrasynda Eminem jenaýat derňewi barada telewizion gepleşik görnüşinde surata düşürilen treýleri hödürledi. Onda garaňky alter ego repçiniň - Slim Şadynyň "ölümi" hakda gürrüň berilýär.
Wideonyň gahrymany: "Çylşyrymly we köplenç tankyt edilýän rifmalary sebäpli Slim Şeýdiniň duşmany ýeterlikdi" - diýýär.
Şeýle-de, treýlerde repçi 50 Cent (Kertis Jekson) hem peýda bolýar.
Täze The Death of Slim Shady albomy Eminemiň 2020-nji ýyldaky Music to Be Murdered By-ny çykaranyndan bäri, dört ýyldan soňky ilkinji çykyşydyr. Şol albomy täjirçilik taýdan üstünlikli bolup, 55 ýurtda aýdym-saz sanawynda birinji orunda durýar.

düýn 20:14
3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.7k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......