Samsung-yň golaýdaky tanyşdyryş dabarasy baradaky maglumatlar peýda boldy. Onda 5 sany täze önüm görkeziler

  • 27.04.2024 18:59
  • 9.3k+

Nobatdaky Samsung Galaxy Unpacked tanyşdyryş dabarasy 2024-nji ýylyň 10-njy iýulynda Parižde geçiriler. Günorta Koreýanyň kompaniýasy çäräniň senesini entek resmi taýdan yglan etmedi diýip, SamMobile portaly habar berýär.

Kompaniýanyň bäş sany täze önümini görkezmegine garaşylýar: eplenýän smartfonlar Galaxy Z Fold6 we Galaxy Z Flip6, Galaxy Watch7 akylly sagady, Galaxy Buds 3 Pro simsiz gulaklygy hem-de Galaxy Ring akylly ýüzügi.

Çeýe smartfon Galaxy Z Fold6 we eplenýän Z Flip6 täze Snapdragon 8 Gen 3 prosessory, emeli aň aýratynlyklary we täzelenen dizaýn bilen üpjün ediler.

Galaxy Watch7 3nm çipli ilkinji Samsung sagady bolup biler, bu bolsa 50% energiýa tygşytlylygyny we ýokary awtonomlygy üpjün edýär. Şeýle hem 16-dan 32 GB-a çenli iki esse ulaldylan operatiw ýada eýe bolar.

Galaxy Buds 3 Pro-nyň aýratynlyklary barada entek hiç zat belli däl.

Galaxy Ring barada aýdylanda bolsa, bu kompaniýanyň ilkinji akylly ýüzügidir we iň köp garaşylýan enjamlarynyň biridir.

Hünärmenler wagtyň we ýeriň üstünlikli saýlanylmagy sebäpli Samsung-yň tomusky tanyşdyryşynyň has netijeli boljakdygyny çaklaýarlar – Parižde 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda Olimpiýa oýunlary geçiriler.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...