Gazagystanda ýylda 70 müň awtoulag öndürjek uly Kia zawody gurlar

  • 27.04.2024 09:38
  • 15k+

Günorta Koreýanyň Kia Motors kompaniýasy awtoulaglaryny öndürmek üçin Gazagystanyň Kostanaý şäherinde täze zawod gurar. Kompaniýa ýylda 70 müňe çenli awtoulag öndürer we 1500 täze iş ornuny döreder diýip, IXBT ýazýar.

Zawodyň gurluşygy 2025-nji ýylda tamamlanar. Birinji tapgyrda uly bölekleýin ýygnamak (CKD) usuly bilen 50 000 awtoulag ýygnalar. Geljekde önümçiligi lokallaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Täze zawod Merkezi Aziýada koreý awtoulaglaryny öndürýän nobatdaky iri kärhana bolar. Mundan ozal Özbegistanda Hyundai zawodynyň guruljakdygy barada mälim edilipdi, bu zawodda Hyundai Elantra, Tucson, Sonata, Santa Fe, Palisade we Staria ulaglary öndüriler.
Hyundai kompaniýasynyň Gazagystanda hem Hyundai Trans Kazakhstan ady bilen işleýän uly önümçilik desgasy bar.


09.05.2026 12:43
3.4k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....