SpaceX Falcon 9-yň 300-nji üstünlikli gonuşyny amala aşyrdy

  • 27.04.2024 08:29
  • 4k+

SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketa-göterijisini uçurdy, bu birinji basgançagyň 300-nji üstünlikli gonuşyny alamatlandyrýar. 3DNews-yň habar bermegine görä, Starlink 6-53 missiýasy hem SpaceX-iň 2024-nji ýylda Florida ştatyndan 30-njy orbital uçurylyşy boldy.

Falcon 9-yň ýubileý uçurylyşy ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň 40-njy bazasynyň meýdançasyndan amala aşyryldy. B1078 raketasy ýokary göterilişden 8,5 minut soň SpaceX-iň " Just Read the Instructions" ýüzýän platformasyna üstünlikli gondy. Raketanyň özi öň 8 gezek ulanyldy: NASA-nyň HKS-na Crew-6 missiýasynda, ABŞ-nyň harby emeli hemralaryny orbita çykarmak boýunça gizlin USSF-124 missiýasynda we bäş gezek Starlink missiýasynda.
300-nji gezek gonmakdan başga-da, Starlink 6-53 missiýasy 23 sany Starlink hemrasyny orbita çykardy we bu apparatlaryň orbitadaky umumy sanyny 5851-e ýetirdi. Umuman alanyňda, SpaceX 2024-nji ýylda 27 missiýada 610 Starlink hemrasyny uçurdy.
Bu ýubileý uçurylyşy kosmos giňişligini has elýeterli we täsirli edip, gaýtadan ulanylýan raketa-göterijiler pudagynda SpaceX-iň öňdebaryjydygyny görkezýär.


düýn 11:18
940

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....