Kakao agaçlaryna ýokuşýan wirus dünýäniň şokolad önümçiligine howp salýar

  • 26.04.2024 14:00
  • 8.8k+

Arlingtondaky (ABŞ) Tehas uniwersitetiniň ylmy barlagçylary Afrikada kakao agaçlaryny weýran ediji wirusyň şokolad ýetmezçiligine sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar. Epidemiýa sebäpli daýhanlar hasylynyň 50%-ini ýitirýärler diýip, PLOS One ylmy žurnalynda çap edilen gözlegiň netijesinde aýdylýar.

Dünýäde öndürilýän şokoladyň ýarysy Günbatar Afrikada, esasanam, Gana bilen Kot-d'Iwuarede ösdürilip ýetişdirilen kakaodan alynýar.
Ganadaky plantasiýalarda kakaonyň çişýän baldak keseli (CSSVD) epidemiýasy ýüze çykdy. Ýokanjy ýaýradyjylar un gurçuklary - ýapraklary, pyntyklary we agaçlaryň güllerini iýýän ownuk mör-möjekler.
Pestisidleri bu mör-möjeklere garşy ulanmak netijesiz, şonuň üçin ýokuşan agaçlary çapyp aýyrmaly bolýar. Gana soňky ýyllarda eýýäm 254 milliondan gowrak kakao agajyny ýitirdi.
Alymlar plantasiýalary goramagyň usulyny oýlap tapdylar: sanjym edilen agaçlardan ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni aljak päsgelçilikleri oturtmagy teklip edýärler.

düýn 20:14
3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.7k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......