Merkezi saýlaw topary Aşgabatda 3 okrug boýunça saýlawlary geçirmegiň meýilnamasyny tassyklady

  • 26.04.2024 11:35
  • 6.5k+

25-nji aprelde Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlyk meselelerine bagyşlanyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi.

Mejlise merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmegiň meseleleri girizildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, milli parlamentiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar 2024-nji ýylyň 7-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellenildi. Merkezi saýlaw toparynyň agzalary saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge gönükdirilen çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de tassykladylar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, Türkmenistanda Saýlawlary we sala-salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kararyna laýyklykda, saýlaw möwsüminiň 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde başlanýandygy yglan edildi. 8-nji maý — 6-njy iýun aralygynda dalaşgärleri hödürlemek işi alnyp barlar. Olary hasaba almak bolsa 18-nji maý — 11-nji iýun aralygynda geçiriler.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....