Sürüjisiz awtoulaglar “Stop” nyşanly futbolkany görenlerinde saklanýar

  • 26.04.2024 10:22
  • 18k+

Internet blogeri sürüjisiz taksiniň “Stop” ýazgyly futbolkany görende ony hakyky ýol belgisi hökmünde kabul edip, ýalňyşyp biljekdigini görkezdi. Amerikaly bloger @jasonbcarr-yň şeýle nyşanly futbolkasynyň pilotsyz taksileri tormoz tutmaga mejbur edýändigini  görkezýän wideosy sosial ulgamlarda meşhurlyk gazandy diýip, Mail.ru ýazýar.

Arizona ştatynyň Finiks şäherinde geçirilen synagda Waymo kompaniýasynyň sürüjisiz taksileri futbolkadaky bellige 4 gezegiň 3-sinde "tabyn boldy". Wideonyň awtory, köplenç, taksileriň garaňkyda galp belgä ähmiýet bermeýändigini, sebäbi futbolka basylan nyşanda garaňkylykda şöhleleniş elementleriniň ýokdugyny belleýär.
Blogçy bu hiläni gaýtalamazlyga çagyrýar, sebäbi bu ýollarda howply ýagdaýyň döremegine sebäp bolup biler.
Bu waka sürüjisiz awtoulaglaryň howpsuzlygy barada ikirjiňlenme döretdi. Hünärmenler şeýle “hokgalaryň” howply netijelere sebäp bolup biljekdigini bellediler. Mysal üçin, bir adam tizligi çäklendiriji belgili futbolka geýen bolsa, sürüjisiz taksi beýleki ýol hereketine gatnaşyjylardan has haýal hereket edip, päsgelçilik we çaknyşyk töwekgelçiligini döredip biler.
Bu sürüjisiz awtoulaglaryň daş-töweregini nädogry kabul etmeginiň ilkinji mysaly däldigini bellemelidiris. Şeýlelik bilen, 2020-nji ýylda awtoulaglary Burger King nyşanyny “Stop” belgisi bilen bulaşdyranlarynda, Tesla-nyň eýeleri kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldular. 2021-nji ýylda ýene-de Tesla-nyň eýeleri awtoulaglarynyň Aýyň ýagtylygyny ýolyşygyň sary çyrasy hökmünde ýalňyş kabul edip, sürülmän saklanyp duran  ýagdaýlaryny ýazga aldylar.
Sürüjisiz awtoulaglary döredijiler obýekti tanamak ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirýärler, ýöne şuňa meňzeş wakalar tehnologiýanyň heniz kämil däldigini görkezýär.

şu gün 09:56
776

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....