BSGG: immunizasiýa 50 ýylda 150 milliondan gowrak adam janyny halas etdi

  • 25.04.2024 16:29
  • 4.8k+

Soňky 50 ýylda immunizasiýanyň netijesinde 154 mln töweregi adam jany halas edildi, bu hem dünýäde çaga ölüminiň 40% azalmagyna getirdi. Şeýle maglumatlar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) täze gözleginde berilýär diýip, TASS habar berýär.

“Halas edilen adam ömürleriniň aglaba köplügi – 101 mln – çagalaryň paýyna düşýär” diýip, gurama belleýär.

Gyzamyga garşy sanjym çaga ölüminiň azalmagyna uly täsir etdi, onuň paýyna immunizasiýanyň netijesinde halas edilen ömürleriň 60%-i düşýär.
Şeýle-de, gözleg täjihoraz, gepatit B, gyzamyk, gökbogma we poliomielit ýaly 14 kesele garşy sanjymyň “çaga ölüminiň dünýäde 40% we Afrika sebitinde 50%-den gowrak azalmagyna gönüden-göni” ýardam edendigini görkezdi.
Häzirki günde poliomielite garşy sanjymyň netijesinde 20 milliondan gowrak adam “ýöräp bilýär we dünýä poliomieliti düýbünden ýok etmegiň bosagasynda dur”. Ýogsam, şonça adam ysmaz bolup bilerdi.
Bu üstünlikler COVID-19 pandemiýasy döwründe bir ýa-da birnäçe sanjymy sypdyran 67 mln çagany sanjym bilen üpjün etmek boýunça tagallalaryň möhümdigini görkezýär. 


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......