Xiaomi 2024-nji ýylda 100 müň sany awtoulag çykarar. Olardan 70%-i eýýäm tölenen sargytlar

  • 25.04.2024 21:25
  • 6.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szýun kompaniýanyň 2024-nji ýyl üçin resmi meýilnamasyny yglan etdi. Ol Xiaomi Automobile bölümçesiniň 100 000-den gowrak Xiaomi SU7 çykarmagy maksat edinýändigini aýtdy. Bu barada ixbt.com ýazýar.

Öň, Xiaomi-niň ýolbaşçylary Leý Szýun bilen Lu Weýbing 20-nji aprele çenli ýagdaýa görä, Xiaomi SU7 üçin tölenen sargytlaryň sanynyň 70 000 birlikden geçendigini habar berdi.
Mundan öň, Xiaomi-niň Pekinde we Şençžende awtomobil üpjünçiligine başlandygy we ýakyn geljekde tutuş ýurt boýunça eltip berme hyzmatynyň açyljakdygy belli boldy. Xiaomi SU7-niň önümçilik kuwwaty ýakynda günde, takmynan, 400 awtoulaga çenli artdyryldy. Ýagny, aýda 12 000 töweregi awtoulag çykarylýar.
Häzirki wagtda Xiaomi Motors ýurduň Pekin, Şanhaý, Guançžou, Şençžen, Uhan, Hançžou, Çendu, Suçžou, Nankin, Wençžou, Ninbo, Usi ýaly 29 şäherinde 59 dükan açdy.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....