Iň uly Auto China 2024 awtosalony açyldy: 117 sany täze model we tas 300-e golaý elektromobil

  • 25.04.2024 12:51
  • 9k+

Şu gün, 25-nji aprelde 18-nji Pekin halkara awtosalony - Auto China 2024 öz işine başlady. Ol 4-nji maýa çenli iki sergi merkezinde dowam eder, bu ýerlerde täze awtoulaglar we awtoulag şaýlary görkeziler. Sergi meýdançalarynyň umumy meýdany 220 müň inedördül metre barabar diýip, ixbt.com habar berýär.

Myhmanlara tanyşmak üçin Hytaýdan, Ýaponiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan we beýleki ýurtlardan awtomobil kompaniýalarynyň 100-den gowrak düýbünden täze modeli elýeterli bolar. Has takygy, sergide 117 sany täze awtoulag modeliniň görkezilmegine garaşylýar. Olardan 30 sanysy iri halkara kompaniýalar tarapyndan hödürlener.
Mundan başga-da, sergide 41 sany konsept-kar modeli görkeziler. Pekin awtosalonynyň ep-esli bölegini elektromobiller eýelär. Jemi 278 sany elektrik modeli, şol sanda Xiaomi SU7 ýaly eýýäm çykarylan täze modeller bolar.
Gatnaşyjy kompaniýalaryň sanawynda BMW, Ford, General Motors, Honda, Mercedes-Benz, Tesla, Toyota, Porsche, Lamborghini, Bentley, Rolls-Royce, Lotus, Changan, Cherry, Geely, Haval we beýlekiler bar.


şu gün 11:31
2.4k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
5.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
1.9k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....