2000-2010-njy ýyllaryň iň ygtybarly wnedorožnikleri we krossowerleri saýlanyldy

  • 25.04.2024 12:12
  • 21k+

HotCars seljeriş portaly JD Power, RepairPal, CarEdge we Edmunds bilen bilelikde 2000-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli aralykda öndürilen iň ygtybarly wnedorožnikleriň we krossowerleriň sanawyny düzdi. Sanawa JD Power-den mümkin bolan 100 baldan 80 bal ýa-da ondan ýokary bal alan modeller düşdi.

Reýtingiň lideri 2010-njy ýylyň Lexus RX 350 ulagy boldy. 275 at güýjüni öndürýän 3,5 litrlik V6 bilen bu krossower 93 ygtybarlylyk balyny  aldy. Ýyllyk tehniki hyzmatynyň bahasy 407 dollardan 498 dollar aralygynda.
Ikinji orunda 90 bal alan 2008-nji ýylyň Honda CR-V-si durýar. Bu krossoweriň 2,4 litrlik hereketlendirijisi 166 at güýji öndürýär we ýyllyk tehniki hyzmat üçin çykdajysy 407 dollar.
Ilkinji üçlügi ýene bir Lexus - 2007 GX jemleýär. Bu 4,7 litrlik V8 263 at güýjini öndürýän wnedorožnik 89 ygtybarlylyk derejesini aldy. GX 2007-niň eýeleri tehniki hyzmat üçin ýylda 551 dollar sarp edýärler.

Doly sanaw aşakdakylardan ybarat:

  1. 2010-njy ýylyň Lexus RX 350-i;
  2. 2008-nji ýylyň Honda CR-V-i;
  3. 2007-nji ýylyň Lexus GX-i;
  4. 2007-nji ýylyň Toyota Highlander-i;
  5. 2007-nji ýylyň Infiniti FX35-i;
  6. 2008-nji ýylyň Ford Edge-i;
  7. 2008-nji ýylyň Toyota 4Runner-i;
  8. 2008-nji ýylyň Toyota FJ Cruiser-i;
  9. 2007-nji ýylyň Linkoln MKX-i;
  10. 2006-njy ýylyň GMC Envoy-i;
  11. 2008-nji ýylyň Honda Pilot-y;
  12. 2009-njy ýylyň Nissan Armada-sy;
  13. 2010-njy ýylyň Chevrolet Tahoe-i;
  14. 2006-njy ýylyň Toyota Sequoia-sy.

düýn 14:05
3.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......