Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi

  • 24.04.2024 18:44
  • 8.2k+

Şu gün, 24-nji aprel Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda mejlise gabatlanyp sergi hem guraldy. Sergide behişdi bedewlere bagyşlanan şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk we zergärçilik sungatynyň eserleri, fotosuratlar görkezildi.
Mejlisiň jemleri jemlenende, bu gün ahalteke atçylygyny ösdürmegiň möhüm meselelerine garalandygy, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslarynyň, alymlarynyň we beýleki ugurdaş hünärmenleriniň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň ugurlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklandyklary bellenildi. Munuň özi ahalteke bedewlerini, olaryň dünýä atçylygyndaky taryhy ornuny çuňňur öwrenmäge, behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, terbiýelemek we seýislemek ulgamynda mundan beýläk-de tejribe alyşmaga ýardam eder, şeýle hem behişdi bedewleriň muşdaklarynyň sanyny artdyrmaga gönükdirilen işlere täze itergi berer.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......