Hytaýyň emeli hemralary Aýyň arka ýüzüniň suratlaryny iberdiler

  • 24.04.2024 18:20
  • 11k+

Space.com portalynyň habaryna görä, Hytaýyň 2024-nji ýylyň mart aýynda uçurylan Tiandu-1 we -2 hemralary Aýyň arka ýüzüniň şekillerini üstünlikli ugradyp, aragatnaşyk we nawigasiýa tehnologiýalarynyň ilkinji synaglaryny geçirdiler.

Tosteriň ölçegindäki bu iki hemra geljekki Aý infrastrukturasyna, şol sanda Halkara Aý gözleg stansiýasyna (ILRS) ýol açýar. Apparatlar Aýyň daşyndan aýlanýar we dürli aragatnaşyk we nawigasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Synag wagtynda emeli hemralar Ýer bilen Aýyň arasynda maglumatlary üstünlikli geçirdiler we ýokary ygtybarly maglumat geçiriş hem-de marşrut mümkinçiliklerini görkezdiler. Emeli hemralardan biri, hatda kraterlerden ýaňa egrem-bugram bolan  Aý landşaftynyň infragyzyl şekilini hem iberdi. Şeýle hem bu kadrda uzakdan Ýeriň şekili görünýär.
Hytaýyň Kosmos senagatyny dolandyryş gullugy (DSEL) Aý aragatnaşygyny we nawigasiýa tehnologiýalaryny gowulandyrmak üçin mundan beýläk hem synaglary dowam etmegi meýilleşdirýär. Bu maglumatlar ILRS-i taslamalaşdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....