BMW-niň iň ygtybarly modelleriniň sanawy düzüldi

  • 24.04.2024 13:39
  • 11k+

HotCars-yň seljerijileri JD Power-iň, CarEdge-iň, RepairPal-yň, NHTSA-nyň we IIHS-iň maglumatlaryna esaslanýan, BMW-niň iň ygtybarly modelleriniň sanawyny düzdüler. Sanawa mümkin bolan 100 baldan azyndan 80 bal ygtybarlylyk derejesini alan awtoulaglar girdi. Sanawa 17 model düşdi.

Sanaw düzülende ygtybarlylykdan başga-da, tehniki hyzmat üçin çykdajylar (CarEdge-iň we RepairPal-iň maglumatlary), eýesiniň seslenmeleri (NHTSA) we howpsuzlyk maglumatlary (IIHS) göz öňünde tutuldy.
Sanawyň öňdelikçileri:

  • 1-nji ýer: 2013-nji ýylyň BMW 1-Series-i (ygtybarlylyk derejesi 89/100, ýyllyk tehniki hyzmat üçin çykdajylary - 801 dollar)
  • 2-nji ýer: 2017-nji ýylyň BMW 2-Series-i (ygtybarlylyk derejesi 88/100, ýyllyk tehniki hyzmat üçin çykdajylary 922 dollar)
  • 3-nji ýer: 2016-njy ýylyň BMW 5-Series-i (ygtybarlylyk derejesi 88/100, ýyllyk tehniki hyzmat üçin çykdajylary 892 $)

2017-nji ýylyň  BMW X3-i we 2022-nji ýylyň BMW X1-i hem ilkinji bäşlige girdi.
BMW awtoulaglary ygtybarlylygy bilen meşhurdyr. HotCars-yň seljerijileriniň belleýşi ýaly, ortaça BMW awtoulagy ýylda abatlaýyş ussahanasyna 0,9 gezek barýar.


27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......