Usman Nurmagomedowyň Bellator-daky söweşi şikes sebäpli yza süýşürildi

  • 24.04.2024 12:57
  • 21k+

Bellator-yň russiýaly çempiony Usman Nurmagomedow 17-nji maýda Parižde geçiriljek ýaryşda şikes sebäpli watandaşy Aleksandr Şabliýä garşy söweşip bilmez. Bu barada promouşeniň metbugat gullugyna salgylanyp, RBK habar berýär.

Söweşiň täze senesi heniz belli däl.
Nurmagomedow antidoping düzgünlerini bozandygy üçin ýarymýyllyk diskwalifikasiýa garamazdan, saklamagy başaran ýeňil agramda titulyny goramalydy.
Söweşiji geçen ýylyň noýabr aýynda söweşden çetleşdirildi, onuň Bellator Gran-prisinde amerikaly Brent Primusa garşy ýeňişli ýarym final söweşi geçirilmedik diýlip hasaplandy.
Soňrak söweşiji söweşden birnäçe aý öň bejergi üçin alan derman serişdeleri barada atletika komissiýasyny öz wagtynda habardar etmändigini aýtdy.
Usman Habib Nurmagomedowyň doganoglanydyr. Ol MMA-da 17 ýeňiş gazandy we bir gezek hem ýeňilmedi.


düýn 12:13
5.7k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
7.9k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

10.03.2026 07:58
6.4k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...