Samarkandda Zenanlaryň Aziýa forumy geçiriler

  • 23.04.2024 14:23
  • 2.1k+

2024-nji ýylyň 13-14-nji maýynda Samarkandda (Özbegistan) "Aýallaryň ykdysady, sosial we syýasy hukuklarynyň meselelerine sebitleýin çemeleşme we mümkinçilikleriň giňeldilmegi" temasy boýunça Zenanlaryň Aziýa forumy geçiriler. Bu barada "Dunyo" habarlar agentligi habar berýär.

Foruma Gündogar Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa, Günorta Aziýa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan-parlamentarileriniň, Hökümet ýolbaşçylarynyň, döwlet edaralarynyň we raýat jemgyýetiniň institutlarynyň wekilleriniň, telekeçi zenanlaryň, syýasatşynaslaryň, alymlaryň we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň wekilleriniñ gatnaşmagyna garaşylýar.
Forum 10 sany ugurdaş mejlisler görnüşinde geçiriler we zenanlaryň häzirkizaman ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna gatnaşygynyň meselelerine garalar.
Forumyň jemleri boýunça Samarkand jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......