Sony Bravia boýun kolonkasyny hödürledi. Ol U şekilidir

  • 21.04.2024 16:08
  • 10k+

Sony boýna dakylýan, adaty bolmadyk Bravia Theatre U göçme kolonkasyny hödürledi. Gizmoçina-nyň ýazmagyna görä, enjam adyna kybap U şekiline eýedir.

Täze önüm batareýanyň güýji bilen 12 sagada çenli işläp biler we ony Bluetooth arkaly bir wagtyň özünde iki enjama birikdirip bolýar.
Kolonka Dolby Atmos goldawy we immersiw 360° giňişlik sesini üpjün edýän Sony 360 Spatial Sound Personalizer tehnologiýasy bilen üpjün edildi. Şol bir wagtyň özünde ol ýeňil (bary-ýogy 268 gr) we göterip gezmek üçin amatly.

“Uklap ýatan ýoldaşlaryňyzy ýa-da çagalaryňyzy biynjalyk etmezden, gaty sesli filmlere tomaşa ediň” diýip, öndüriji enjamyny suratlandyrýar.

Sony-niň resmi web sahypasynda Bravia U-nyň bahasy 300 dollar.
Şeýle hem, Sony meşhur Bravia Theatre Bar 9-y (13 dinamikli, 1399 dollar), Bravia Theatre Bar 8 modeli (11 dinamikli, bahasy yglan edilmedik) we Bravia Theatre Quad  öý kinoteatr ulgamy (16 dinamikli, 1799 dollardan başlaýar) ýaly audiotehnika degişli birnäçe täzeliklerini yglan etdi.


05.05.2026 23:11
2.1k+

Sony PlayStation 5-iň bahalaryny ýene gymmatlatdy

Sony kompaniýasy Aziýanyň käbir bazarlarynda «PlayStation 5» oýun konsollarynyň bahalaryny gymmatlatjakdygyny yglan etdi. WCCFTech neşiriniň habar bermegine görä, bu üýtgeşmeler 1-nji maýdan başlap güýje......

16.02.2026 15:41
2.8k+

Sony oýunlaryň göwrümini 100 GB-dan 100 MB-a çenli kiçeltjek tehnologiýany patentledi

​Sony ýapon kompaniýasy wideooýunlary saklamagyň täze tehnologiýasy üçin patent hasaba aldy diýip, Tech4Gamers neşiriniň žurnalistleri habar berdiler. ​2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda tabşyrylan patente görä, ulgam maglumatlaryň bulutly akymlaýyn berlişini (streaming) we oýunlaryň lokal işledilmegini birleşdirýär...

10.07.2024 11:27
5.1k+

Jübi teleskopy çykdy: indi islendik adam astrosuratçy bolup biler

Ýaňy-ýakynda hem uzakdaky galaktikalary, ýyldyzlar toplumyny we ýyldyzlary synlamak üçin ýörite bilimler we gymmat enjamlar gerek bolýardy. Astronomiýany söýüjiler diňe gijeki asmana seredip, ýyldyzlara göz aýlap...

26.05.2024 20:49
5.6k+

Sony geljege nazar aýlady: VR-gajetli enjamlar nähili görnüşde bolar

Sony 2030-njy ýyllarda güýmenjeler pudagyny göz öňüne getirşi baradaky pikirini paýlaşýan Creative Entertainment Vision wideosyny neşir etdi diýip, “Çempionat” portaly habar berýär. Kompaniýanyň çaklamalaryna görä...