Haýsy awtoulaglar 1 million km-den gowrak ýol geçip biler? 2,3 million km ýol geçen Toyota öňdeligi eýeleýär

  • 21.04.2024 15:16
  • 18k+

HotCars portalynyň hünärmenleri degişli ideg edilende 483 müň kilometri geçmäge ukyply çydamly 20 awtoulagyň sanawyny düzdüler.

Reýtingde 1983-1989-njy ýyllar aralygynda çykarylan, rekord 2,3 million km ýol geçen Toyota 4Runner SUV öňdebaryjy boldy. Ikinji ýeri 1990-1993-nji ýyllarda çykarylan Honda Accord (1,6 million km), üçünji orny 2009-2014-nji ýyllarda çykarylan Ford F-150 kysymly pikap (1,6 million km) eýeleýär.
Şeýle hem sanawda Hyundai Elantra 2011-2016, Honda CR-V 2005-2007, Honda Civic 2016-2021, Lexus CT 200h 2011-2017 we beýlekiler bar


Öň, What Car? iňlis awtoulag žurnaly iň ygtybarly awtoulag markalarynyň sanawyny düzdi, onda Lexus birinji orny eýeledi (98,3%). 2014-2021 ýyllarda çykan Lexus NX krossoweri iň ygtybarly ulag diýlip ykrar edildi (99,8%).
Toyota 2011-2020-nji ýyllarda çykan Yaris modeli (iň azarsyz) bilen ikinji ýeri eýeledi (97,4%). Üçünji ýer (97,2%) 2015-2024-nji ýyllarda çykan Mini с Clubman-a degişli boldy.


21.06.2026 21:15
4.5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......