Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Malaýziýanyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 21.04.2024 14:49
  • 7.1k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşdy. 19-njy aprelde Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda türkmen tarapy özara söwdany we maýa goýumlary öz içine almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da güýçlendirmegiň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemegiň zerurdygyny aýtdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dogrusynda söhbetdeşligi dowam etdirip, taraplar parlament wekiliýetlerini alyşmak tejribesini öňe sürmek arkaly parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Söhbetdeşler ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler, ýakyn ýyllarda agzalan maksada ýetmäge ministrleriň, hökümet wekilleriniň we işewür toparlaryň özara saparlaryny guramak ýardam edip biljekdigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....