Oklahoma-Siti şäherinde ABŞ-nyň iň beýik - 581 metrlik gökdirän binasy gurlar

  • 21.04.2024 11:01
  • 12k+

ABŞ-nyň iň beýik binasyna öwrüljek täze Legends Tower binasynyň guruljak meýdançasy kesgitlenildi diýip, New Atlas ýazýar.

Gökdirän binanyň beýikligi 581 metr bolar, bu häzirki rekord eýesinden - Nýu-Ýorkdaky One World Trade Center-den 128 metr beýikdir. Bu bina Hytaýyň Ping An Finance Center  binasyndan soň dünýä sanawynda altynjy orny eýelär.
Legends Tower  Oklahoma ştatynyň Oklahoma-Siti şäherinde gurlar, bu ýerde, takmynan, 700 000 adam ýaşaýar.
581 metr 1907 futa deňdir. 1907-nji ýylda Oklahoma ABŞ-nyň 46-njy ştaty boldy.
Gökdirän bina üç sany kiçi diňi öz içine alar. Umuman alanyňda, dört binada 1776 ýaşaýyş jaýy, şeýle hem söwda dükanlary, güýmenje meýdançalary we myhmanhana bolar. Gurluşyga 2024-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär.
Taslamanyň bahasy 1,6 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Legends Tower Oklahoma-Sitiniň täze gözel binasy bolar we syýahatçylaryň, işewürleriň ünsüni çeker.


düýn 20:25
8.2k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
5.1k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.4k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......