“Russiýanyň demir ýollary” Türkmenistana demir ýollary elektrikleşdirmekde ýardam etmäge taýýar

  • 20.04.2024 20:10
  • 21k+

“Russiýanyň demir ýollary” (RŽD) Türkmenistanyň demir ýollarynyň elektrikleşdirilmegine ýardam etmäge taýýar. Bu barada “RŽD” AGPJ-niň baş müdiriniň orunbasary Wýaçeslaw Pawlowskiniň sözlerine salgylanyp, TASS ýazýar.

Pawlowskiniň aýtmagyna görä, taraplar Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodynyň durkunyň täzelenmegi barada hem ylalaşdylar.
Ol 2023-nji ýylda “RŽD” bilen “Türkmendemirýollarynyň” 2023 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamasyna gol çekendigini ýatlap geçdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde eýýäm häzir Akýaýla – Inçe-burun türkmen-eýran serhet geçelgesiniň üsti bilen “Demirgazyk – Günorta” ugry boýunça aýda 4 konteýner otlusy gatnaýar.
Şeýle-de, “RŽD” öz Korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýolçularyny taýýarlamagy meýilleşdirýär.


şu gün 07:42
232

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......