Motorola Moto Edge 50 Ultra “agaç” smartfonyny çykardy

  • 20.04.2024 16:26
  • 8.3k+

Motorola flagman Edge 50 Ultra smartfonyny hödürledi. Täze önüm diňe bir Snapdragon 8s Gen 3 çipsete we kuwwatly kamera eýe bolman, eýsem, gelşikli dizaýny bilen hem tapawutlanýar diýip, GSMArena.com neşiri ýazýar.

Smartfonyň wersiýalarynyň biriniň korpusy reňki we galtaşygy boýunça açyk reňkli agaja çalym edýär. Beýleki iki - goýy çal we şetdaly reňk görnüşi eko deriden. Şetdaly reňki Pantone instituty bilen bilelikde işlenip düzüldi we ol 2024-nji ýylyň esasy reňkidir.
Moto Edge 50 Ultra 144Hz täzeleniş tizlikli 6,7 dýuýmlyk P-OLED ekrany enjamlaşdyrylan.
Smartfon Snapdragon 8s Gen 3 çipset bilen işleýär we onuň 12/16 GB RAM-y we 512 GB / 1 TB içerki ýady bar.
Esasy kamerasy üç moduldan ybarat: 50 MP (esasy), 50 MP (ultra giň burçly) we 64 MP (3x optiki ýakynlaşdyrmaly teleobýektiw). Kameralar sekuntda 60 kadr tizlikli 4K wideony ýazga alyp biler.
Öňki kameranyň durulygy 50 megapiksel.
4500 mAh-ly batareýa 125W çalt zarýad bermegi goldaýar.
Moto Edge 50 Ultra Hello UX bilen Android 14-de işleýär.
Smartfon IP68 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goralýar.
Täze önümiň bahasy 999 ýewro.
Satuwy ýakyn hepdelerde Aziýada, Ýewropada we Latyn Amerikasynda başlar.

şu gün 14:24
2.3k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

şu gün 14:06
3.4k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

şu gün 14:01
3.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

şu gün 14:00
1.1k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......