ABŞ soňky 1200 ýylda iň güýçli gurakçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy

  • 19.04.2024 22:13
  • 11k+

Günbatar Wirjiniýa uniwersitetinden (WVU) amerikaly alymlar ABŞ-nyň günbatar böleginiň soňky 1200 ýylda iň güýçli gurakçylyga duçar bolandygyny anykladylar. Ýiti yzgar ýetmezçiligi bu ýerde soňky 23 ýyl bäri saklanýar diýlip, ylmy edaranyň saýtynda habar berilýär. Muny Mail.ru ýetirýär.

Gözlegçileriň pikiriçe, bu çökgünligi mega-gurakçylyk diýip atlandyryp bolar. Muňa garamazdan, onuň sebäpleri heniz doly öwrenilmedik.
Hünärmenler agaçlaryň ýaş halkalaryny ulanyp, häzirki 23 ýyllyk gurakçylyk döwrüniň, takmynan, b.e. VIII asyryndan bäri iň güýçlüsidigini anykladylar.
Hasabatyň awtorlary mega-gurakçylygyň diňe bir yzygiderli yzgar ýetmezçiligi bilen däl-de, eýsem ösümlikleriň howadan kömürturşy gazyny siňdirip almak ukyplarynyň peselmegi bilen häsiýetlendirilýändigini belleýärler. Howadaky kömürturşy gazynyň ýokary konsentrasiýasy howanyň dowamly ýylamagyna ýardam edip, yssylygy has hem güýçlendirýär.
Çaklamalara görä, ýakyn onýyllyklarda mega-gurakçylyk tutuş dünýäde ýygy-ýygydan bolýan we düýpli hadysa öwrüler. Gözleg maglumatlary beýleki alymlara gurak sebitlerdäki ekoulgamyň ýagdaýy barada maglumat bermäge kömek eder.


14.06.2026 15:16
4.1k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......