“Baýer” 44 oýun bäri ýeňilmän gelýär. Klub Ýewropanyň iň gowy 5 ligasynyň rekordyny täzeledi

  • 19.04.2024 14:49
  • 9.2k+

Lewerkuzeniň “Baýeri” taryhy ýazmagy dowam etdirýär. 18-nji aprelde öňki ispaniýaly futbolçy Habi Alonsonyň ýolbaşçylygyndaky topar Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýnunda “West Hem” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady we iki duşuşygyň jemi boýunça (3:1) ýeňiş gazandy.

Bu netije “Baýeri” diňe bir ýarym finala çykarman, eýsem taryhy ähmiýetli boldy.
Žeremi Frimpongyň 86-njy minutdaky goly netijesinde “Baýer” Ýewropanyň iň gowy 5 ligasyndaky (Italiýa, Ispaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Angliýa) toparlaryň arasynda ýeňlişsiz oýunlarynyň sany boýunça täze rekord goýdy – 44 oýun.
Öňki rekord 2011/12-möwsüminden bäri “Ýuwentusa” degişlidi (43 oýun).
Belläp geçsek, bu “Baýeriň” şu möwsümde ýeke-täk üstünligi däl. Topar taryhda ilkinji gezek Bundesliganyň çempiony boldy, şeýle-de Germaniýanyň Kubogynyň finalyna çykdy – bu ýerde “Kaýzerslautern” bilen duşuşar.
Topar Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda bolsa “Roma” bilen oýnar.


düýn 17:07
7.5k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.9k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.9k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 12:21
1.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....