Fotoçy garasarlaryň gorag reaksiýasyny surata düşürdi: süri äpet guşa öwrüldi

  • 19.04.2024 11:17
  • 13k+

Haýwanat dünýäsiniň fotoçysy Daniel Biber täsin bir hadysany surata düşürdi: ýyrtyjydan goranýan garasar sürüsi asmanda äpet guşuň suduryny emele getirdi.

Bu ajaýyp foto Biberiň Ispaniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Kosta-Brawa sapary wagtynda düşürildi. Suratçy, özi hem bilmezden, müňlerçe garasaryň sazlaşykly hereket edip, asmanda äpet ýyrtyjy guşuň şekilini emele getiren pursadyny surata aldy.
Biber birbada näme bolandygyna özüniň hem düşünmändigini boýun aldy. Diňe öýüne dolanyp gelensoň suratlara seredende, gören zatlaryna haýran galypdyr. Suratçynyň sözlerine görä, guşlaryň bu şekil ýasamasy 10 sekuntdanam az wagt alypdyr.
Fotosuratçy bu täsin pursady surata düşürmek üçin tüýs wagtynda gerek ýerinde bolandygy üçin özüni bagtly hasaplaýar.
Utgaşykly hereketlere meýillilik garasarlaryň häsiýetli aýratynlygydygyny bellemelidiris. Bu guşlar asmanda çylşyrymly şekilleri emele getirmäge ukyplydyklary bilen tanalýar, olaryň sany birnäçe müň guşa ýetip biler.
Alymlaryň pikiriçe, bu häsiýet diňe bir ýyrtyjylardan goranmaga kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem sosial gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de iýmit tapmak we beýleki maksatlar üçin hereketlerini sinhronlaşdyrmaga kömek edýär.


27.05.2026 14:36
5.1k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

14.04.2026 14:55
2.8k+

Meksikanyň sungat işgärleri Frida Kalonyň eserleriniň ýurtdan çykarylmazlygyny talap edýärler

Guardian neşiriniň habar bermegine görä, Meksikanyň 400-e golaý sungat işgäri hökümete açyk hat ýollap, Frida Kalonyň eserleriniň Ispaniýa iberilmeginiň şertlerini aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Medeni......

13.04.2026 14:43
6.5k+

Örän elhenç: 1485-nji ýylyň kitaby orta asyr Ispaniýadaky Gün tutulmasy hakynda gürrüň berýär

Teruel ýepiskoplygynyň arhiwinden 1485-nji ýyla degişli bolan örän seýrek inkunabula (çap maşynynyň ilkinji döwürlerinde çap edilen kitap) tapyldy. Bu kitapda lukman we astrolog Diego de Torresiň 1485-nji......