Ýewropa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy

  • 19.04.2024 11:12
  • 8.1k+

Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýunlary geçirildi.

“Atalanta” (Italiýa) “Liwerpuldan” (Angliýa) 0:1 hasabynda utuldy, ýöne birinji oýunda gazanan uly ýeňşiniň (3:0) netijesinde indiki tapgyra geçmegi başardy.
“West Hem” (Angliýa) we “Baýer” (Germaniýa) 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Germaniýanyň kluby birinji duşuşykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy, ýöne toparyň jogap oýnunyň ahyryndaky soňky goly Ýewropanyň iň gowy 5 ligasynyň arasynda ýeňlişsiz tapgyr boýunça rekord goýmak üçin zerurdy.
Italýan dörtden bir finalynda “Roma” “Milany” 2:1 hasabynda utdy. Birinji oýunda-da “Roma” 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
“Marsel” (Fransiýa) “Benfikany” (Portugaliýa) esasy wagtda 1:0 hasabynda utdy. Iki duşuşygyň jemi boýunça hasap 2:2 boldy, şonuň üçin bu jübütde ýeňiji penalti tapgyrynda kesgitlendi. On bir metrden urgy boýunça fransuz klubunyň oýunçylary has takyk boldy – 3:2.  
Şeýlelikde, ýaryşyň ýarym finalynda şular duşuşar:

  • “Marsel” (Fransiýa) – “Atalanta” (Italiýa)
  • “Roma” (Italiýa) – “Baýer” (Germaniýa).

Ilkinji oýunlar 2-nji maýda, jogap oýunlary 9-njy maýda geçer. Ýaryşyň finaly 22-nji maýda Dublindäki “Awiwa” stadionynda geçiriler.


düýn 19:10
4.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....