Huawei flagman Pura 70 smartfonlarynyň setirini çykarmaga taýynlanýar: täze ady we dizaýny

  • 17.04.2024 18:07
  • 10k+

Huawei P seriýasynyň onlarça ýyllyk taryhyny soňlamak bilen, ýakyn wagtda çykjak flagman Pura 70 atly smartfon setiriniň ilkinji tizerini çykardy.

Pura 70 seriýasy dört modeli öz içine alar: Pura 70, Pura 70 Pro, Pura 70 Pro + we Pura 70 Ultra. Ähli modeller güýçli prosessorlar, uly göwrümli RAM we içerki ýat, şeýle hem ýokary hilli kameralar bilen üpjün ediler.
Görnüşinden çen tutsaň, smartfonda “bir uly we iki kiçi” kameraly we diod yşykly  wspyşkaly üçburç kamera moduly bolar. Bu Pura 70 smartfonlaryna stil we tanadyjy görnüş berýär.
Pura ady latynça "purus" sözünden gelip çykyp, "arassa" diýen manyny berýär. Bu, Huawei-iň gysby dizaýny we iň täze tehnologiýalary bolan smartfonlary döretmäge çalyşýandygyny görkezýär.
Pura 70 -iň ýakyn wagtda resmi taýdan satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Häsiýetnamasy:

  • Pura 70: 12 GB RAM, 512 GB ýat, reňkleri: gara (Feather Black), gök (Ice Crystal Blue), ak (Snowy White), benewşe (Roland Purple)
  • Pura 70 Pro: 12GB RAM, 512GB / 1TB ýat, reňkleri: gara (Feather Black), ak (Snowy White), benewşe (Roland Purple)
  • Pura 70 Pro +: 16 GB RAM, 512 GB / 1 TB, reňkleri: gara (Phantom Black), kümüşsöw (Light Woven Silver), ak (String White), Lezhen Edition
  • Pura 70 Ultra: 16 GB RAM, 1 TB ýat, reňkleri: gara (Ceramic Black), ak (Ceramic White)

şu gün 08:10
718

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
2.7k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.6k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.8k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...