Western Digital dünýäde ilkinji 4 TB SD kart - SanDisk Extreme Pro bilen tanyşdyrdy

  • 17.04.2024 17:58
  • 4.7k+

Western Digital kompaniýasy täze SanDisk Extreme Pro 4TB SD kartyny yglan etdi. Täze önüm noutbuklarda we foto enjamlarda ulanmak üçin niýetlenendir.

SanDisk Extreme Pro Ultra High Speed-I interfeýsini ulanýar we 104 MB/s-e çenli maglumat geçiriş tizligini, şeýle hem iň azyndan 30 MB/s yzygiderli ýazgy tizligini üpjün edýär. Munuň özi wideony 8K durulykda ýazgy etmek üçin ýeterlik, bu karty hünärmenler üçin iň oňat saýlawa öwürýär.
SanDisk Extreme Pro 4TB 2025-nji ýylda çykar diýlip garaşylýar. Birmeňzeş göwrümli 2 ТБ we MicroSD wersiýasy hem elýeterli bolar – olar 2024-nji ýylyň tomsunda satuwa çykarylar.
Western Digital SDXC (Secure Digital Ultra Capacity) standartynyň ýat kartalaryny 128 TB çenli göwrümde döretmäge mümkinçilik berýändigini, geljekde has ýokary çözgütlere ýol açjakdygyny belleýär.
4 terabaýt SanDisk Extreme Pro-nyň bahasy entek yglan edilmedi. Şeýle-de bolsa, 1 terabaýt wersiýasynyň (140 dollar) bahasyny göz öňünde tutup, täze önümiň has gymmat düşmegine garaşylýar.

şu gün 00:18
399

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....