Trust Wallet: iPhone-da döwmek üçin howply gowşaklyk tapyldy

  • 17.04.2024 12:55
  • 7.6k+

iPhone-da betpäl adamlara gurluşy iMessage arkaly döwmäge mümkinçilik berýän howply gowşaklyk tapyldy. Eksploýt ulanyjydan hiç hili hereketi, hatda şübheli salgylanmalara geçmegi-de talap etmeýär diýip, Mail.ru belleýär.

Gowşaklyk baradaky maglumat Trust Wallet kripto-gapjygynyň X sosial ulgamyndaky habarynyň netijesinde belli boldy. Trust Wallet-iň hünärmenleri bu mesele barada Apple kompaniýasyna eýýäm habar berdiler we kompaniýa düzedişleriň üstünde işleýär.
Trust Wallet iPhone-y goramak üçin iMessage-y wagtlaýyn öçürmegi maslahat berýär. Munuň üçin “Sazlamalary” açmaly we “Habarlar” bölümini saýlamaly, “iMessage” punktyny tapyp, onuň gapdalyndaky slaýderi işjeň däl ýagdaýa geçirmeli.
Apple-iň täze howpsuzlyk programma serişdesi hem tiz wagtda çyksa gerek.


düýn 19:31
975

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.9k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...