MBA-nyň ýyldyzlary Lebron Jeýms, Karri we Dýurant Olimpiada – 2024-e gatnaşar

  • 17.04.2024 07:39
  • 4k+

Olimpiada – 2024-de ABŞ-nyň milli basketbol ýygyndysyna MBA-nyň Lebron Jeýms, Stefen Karri we Kewin Dýurant ýaly meşhur oýunçylary wekilçilik eder. Bu barada ESPN habar berýär.

36 ýaşly Karri üçin bu karýerasyndaky ilkinji Olimpiada bolar. 39 ýaşly Jeýms eýýäm 2008 we 2012-nji ýyllarda altyn, 2004-nji ýylda bürünç medal gazandy. MBA-nyň finalynyň iki gezek iň gymmatly oýunçysy (MVP) bolan Dýurant taryhda Oýunlaryň dört altyn medalyny gazanan ilkinji basketbolçy bolup biler.
Şeýle-de, amerikan ýygyndysynyň düzümine Joel Embiid (2023-nji ýylda MBA-nyň iň gymmatly oýunçysy), Entoni Dewis, Dewin Buker, Entoni Edwards, Jeýson Teýtum, Jru Holideý, Bem Adebaýo we Taýriz Haliberton girdi. Ýene bir ýer boş galar.
ABŞ-nyň ýygyndysynyň türgenleşikleri iýul aýynda geçiriler. Basketbol boýunça Olimpiýa ýaryşy 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda geçiriler.
ABŞ-nyň milli ýygyndysy sportuň bu görnüşinde agalyk edijidir. Amerikan basketbolçylary Oýunlarda 16 gezek, şol sanda 1936-njy ýylda, ýagny basketbol boýunça ýaryş Berlindäki tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek peýda bolanynda altyn medal gazandylar. ABŞ-nyň basketbolçylary Olimpiýa ýaryşlarynda diňe dört gezek birinji orny alyp bilmediler – 1972 we 1988-nji ýyllarda SSSR-iň milli ýygyndysy, 2004-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysy, 1980-nji ýylda Ýugoslawiýa ýeňiş gazandy.


03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.7k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...

23.02.2026 02:06
4.4k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...

21.02.2026 10:38
1.9k+

Norwegiýa gyşky Olimpiadada altyn medal boýunça öz rekordyny täzeledi

Norwegiýanyň ýygyndy topary bir gyşky Olimpiadada gazanylan altyn medallaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Milan we Kortina şäherlerinde geçirilýän Gyşky oýunlarda bu ýurduň türgenleri iň ýokary derejeli baýraklaryň 17-sini eýelediler...