Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 16.04.2024 22:04
  • 8.2k+

Şu gün, 16-njy aprelde Pakistanyň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagan Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.

Diplomat Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny ýetirdi. 
Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. 
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer. 


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....