Sarukýan ýeňil agramda UFC-niň reýtinginde birinji orna çykdy

  • 16.04.2024 20:01
  • 15k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) ermenistanly söweşijisi Arman Sarukýan ýeňil agramda UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeledi. Täzelenen reýting promouşeniň saýtynda ýerleşdirildi. Bu agramda çempion russiýaly Islam Mahaçewdir.

14-nji aprelde UFC 300 ýaryşynda Sarukýan emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňil agram derejesinde promouşeniň eks-çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýradan üstün çykdy. Söweşden öň Sarukýan ýeňil agramly söweşijileriň reýtinginde dördünji orny, braziliýaly birinji orny eýeleýärdi. Oliweýra ikinji orna düşdi.
Sarukýan ýeňşiniň netijesinde Mahaçewe garşy titul söweşi üçin hukuk gazandy. 27 ýaşly Sarukýanyň hasabynda MMA-da 22 ýeňiş we üç ýeňliş bar.
Ýarym ýeňil agramda UFC-niň eks-çempiony Maks Holloueý BMF tituly üçin göreşde watandaşy Jastin Getjini nokauta gidirip, ýeňil agram reýtinginde 9-njy orny eýeledi. Agram derejesine garamazdan iň gowy söweşijileriň reýtinginde Holloueý birbada alty setir ýokary galyp, sekizinji orna çykdy. Bu reýtingde hem lider Mahaçewdir.


26.06.2026 23:43
9.1k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5.2k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......